Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 21 müň gektarda güýzlük ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek meýilleşdirilýär

23:5529.05.2020
0
8946

Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak hem-de ygtybarly azyk howpsuzlygyny has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de welaýatlaryň häkimliklerine oba hojalyk önümçiliginde ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, öňdebaryjy tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekilmegini hem-de olardan bol hasylyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Şeýle hem Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2020-nji ýylda Türkmenistan boýunça 21 müň gektarda güýzlük ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek hem-de önümleri öndürmek barada ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we eýeleri bilen bellenen tertipde şertnamalaryň baglaşylmagyny we öndürilen önümleriň şertnamalaýyn bahalar boýunça satyn alynmagyny hem-de önüm öndürijiler bilen wagtynda hasaplaşylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň