Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

23:5727.05.2020
0
9086

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy ― diýip, TDH habar berýär.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aşraf Gani sebitdäki amatly geosyýasy ýagdaý bilen kesgitlenilýän oňyn häsiýeti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etmegiň möhümdigini bellemek bilen, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny esasy ugurlar hökmünde görkezdiler. Şol ugurlarda soňky ýyllarda diňe doganlyk ýurtlaryň däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň gülläp ösmegine hyzmat etjek iri taslamalaryň birnäçesi amala aşyrylýar.

Gürrüň, ilkinji nobatda, türkmen tebigy gazyny Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna uzak möhletleýin akdyrjak Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda barýar. Ähmiýeti uly bolan beýleki taslama — täze döwletara energiýa ulgamy —Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça çekilýän ýokary woltly elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygydyr.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda döwlet Baştutany owgan Lideriniň Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşindäki üç taraplaýyn duşuşygy geçirmek baradaky teklibini goldady. Onuň gün tertibine Lapis Lazuli ulag geçelgesiniň netijeliligini artdyrmak meseleleri giriziler.

Iki döwletiň Baştutanlary dünýäniň gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge ylalaşylan, bir bitewi çemeleşmäni işläp taýýarlamagyň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz koronawirusyň dünýä möçberinde ýaýramagy ýaly döwrüň wehimlerine garşy göreşmekde Türkmenistanyň ylmy diplomatiýanyň gurallaryny giňden ulanmak pikirini öňe sürendigini ýatlatdy. Munuň özi dürli ýurtlardan bolan alymlaryň we hünärmenleriň ýakyn hyzmatdaşlygyny üpjün edip bilerdi, olar howply ýokanç keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň usullary boýunça maglumatlary, bilimleri we toplanan tejribeleri, netijeli derman hem-de gorag serişdelerini taýýarlamak boýunça işleri dessin alşyp bilerdiler.

Ylmy diplomatiýanyň gurallary häzirki wagtda emele gelen ýagdaýlarda hyzmatdaşlygyň netijeli ugry bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Alym-lukmanlaryň geňeşini döretmek boýunça türkmen tarapynyň öňe süren başlangyjynyň koronawirusa garşy umumy göreşe oňyn täsirini ýetirip biljekdigini aýtdy.

Iki döwletiň serhedinde utgaşykly sanitariýa-karantin çärelerini geçirmegiň zerurdygy barada aýtmak bilen, milletiň Lideri Türkmenistanyň ynsanperwer kömegi hökmünde serhetýaka demir ýol menzillerinde, gözegçilik-geçiriş nokatlarynda hem-de Owganystanyň çägindäki käbir beýleki ýerlerde — demir ýol ulaglaryny we ýüklerini zyýansyzlandyrmak üçin ýurdumyzda gurlan ýörite terminallar ýaly desgalary gurmaga, şeýle hem olary zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy.

Şeýlelikde, bilelikdäki tagallalar bilen görülýän çäreler sanitariýa-epidemiologiýa howpsuzlygynyň ýokary derejesini gazanmaga, serhetden geçýän ulaglary we ýükleri zyýansyzlandyrmak üçin şertleri döretmäge mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň