Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara sergine gatnaşyjylary gutlady

09:4025.05.2020
0
10737

Şu gün – 25-nji maýda Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň güni bellenilýär. Şu sene mynasybetli her ýyl «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara serginiň geçirilmegi däbe öwrüldi. Türkmen Lideri şu gün öz işine başlan «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara sergine gatnaşyjylara Gutlag ýollady. Onda şeýle diýilýär:

“Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Şu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi. Bu serginiň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda we özara tejribe alyşmakda ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynanýaryn!

Bu şanly waka mynasybetli geçirilýän halkara sergide ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp keşbi, gaýtalanmajak gözelligi, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent derejeleri öz beýanyny tapýar. Bu köpugurly serginiň ata Watanymyzyň ýüregi hasaplanýan Aşgabadyň şäher gurluşygy babatda gazananlaryny dünýä äşgär etmäge, halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, uly ösüşleriň gazanylmagyna ýardam etjekdigine, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleriň giňden öwrenilip, paýtagtymyzyň has-da gözelleşmegine, dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwrülmegine uly itergi berjekdigine ynanýaryn.

Hormatly adamlar!
Gadyrly dostlar!

Bu halkara serginiň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň giňden bellenýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda geçirilmeginiň aýratyn ähmiýeti bar. Medeni-durmuş maksatly ajaýyp binalary, bagy-bossanlyga, ter güllere beslenen görki, seýilgähleri, suw çüwdürimleri, giň şaýollarydyr köçeleri, bezeg heýkelleridir ýadygärlikleri, ýaşaýyş toplumlary, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun tapan desgalary bilen haýrana goýýan Aşgabat bütin dünýäde parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasynda dostlugyň hakyky merkezi hökmünde ykrar edildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy bolsa sebitde halkara hyzmatdaşlygyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine uly itergi berdi.

Häzirki döwürde gözel paýtagtymyz gülläp ösdi we dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda her ýyl geçirilýän bu halkara sergide hödürlenýän taslamalaryň aglabasy esasynda bu günki gün şäherimizi bezeýän ajaýyp binalaryň ençemesi guruldy. Şol belent ymaratlar baş şäherimiziň görküni has-da artdyrýar. Gurulýan döwrebap, ak mermerli binalaryň hasabyna soňky ýyllarda gözel paýtagtymyzyň çägi barha giňelýär, Aşgabat şäheri halkara derejedäki syýasy we işewürlik merkezine öwrülýär.

Aşgabadyň seýilgähler şäheri diýlip atlandyrylmagy hem tötänden däldir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, «Saglyk» ýollaryny, seýilgähleri döretmek döwlet syýasatynyň has möhüm ugurlarynyň birine öwrülýär. Şoňa görä-de, Aşgabat şäheriniň ilaty üçin amatly ekologiýa gurşawynyň döredilmegine paýtagtymyzy ösdürmegiň esasy şerti hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzdaky onlarça seýilgähler, müňlerçe düýp agaç nahallary we ajaýyp güller ak şäherimiziň görküni artdyrmak bilen bir hatarda, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna hem özboluşly öwüşgin çaýýar.

Häzirki wagtda gözel paýtagtymyzda ençeme binalaryň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Şol desgalaryň hatarynda Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi, Hökümet münberi we kaşaň myhmanhananyň, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik hem-de «Senagat» paýdarlar-täjirçilik banklarynyň binalary, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi, Welosiped binasy bar. Şeýle hem Bekrewe köçesiniň ugrunda gurulýan Halkara ýanyk şikesleri bejeriş merkezi, Halkara howa menziliniň golaýynda bina edilýän «Garagum» myhmanhanasy we seýilgäh, paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň, «Nusaý» myhmanhanasynyň täze tapgyrynyň binalary we beýleki binalar bolsa ak şäherimiziň hakyky gurluşyk meýdançasyna öwrülendigini aýdyň görkezýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, belent ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhüm orna eýe bolýar. Türkmenistanyň paýtagty ýurduň dolandyryş, senagat, bilim, medeniýet merkezi hökmünde ösmegini dowam etdirip, ýetilýän belent sepgitleriň geriminiň has-da giňeljekdigine berk ynanýaryn!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýar durmuş, alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň