Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly ХIХ köpugurly halkara sergisi geçiriler

00:5724.05.2020
1
25964

22-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanyna Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 25-nji maýda geçiriljek medeni çärelere we «Ak şäherim Aşgabat» atly ХIХ köpugurly halkara sergisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen Söwda-senagat edarasynyň guraýan halkara sergisinde paýtagtymyzyň ýeten derejesi, onuň ösüşiniň geljekki ugurlary öz beýanyny tapar hem-de dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary kesgitlener.

Giň gerimli gözden geçiriliş Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça şähergurluşyk maksatnamasy, halk hojalyk toplumynyň paýtagtymyzyň senagat, medeni we aň-bilim mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýan dürli pudaklarynyň hem-de düzümleriniň alyp barýan işi bilen tanyşmaga şert döreder.

Köpugurly sergi Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň iň wajyplarynyň birine öwrüler. Bu şany sene we okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk konserti hem-de köpçülikleýin baýramçylyk dabarasy göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň