Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hyzmatlary sanlaşdyrmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Häzirki wagtda bu ýerde jemi bäş million alty ýüz kyrk bir müň üç ýüz kyrk bäş (5641345) sany kitap bolup, kitaphananyň hazynasy täze çykýan kitaplaryň hasabyna ýyl-ýyldan baýlaşýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 16-njy awgustynda gol çeken «Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmek hakyndaky» Kararyndan bäri kitaphanada kitaplary elektron ulgama geçirmekde hem işler yzygiderli alnyp barylýar. Şondan bäri kitaphanadaky kitaplaryň 2316-sy elektron görnüşe geçirildi. Olardan 1632 sanysy türkmen dilinde, 618 sanysy rus dilinde, 66 sanysy bolsa beýleki daşary ýurt dillerindäki kitaplardyr.
2015-nji ýylyň aprelinde Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky welaýat, etrap, şäher merkezi kitaphanalarynda bitewi elektron kitaphanalaryň ulgamy döredilipdi. Kitaphanada ýola goýlan internet ulgamynyň kömegi arkaly şol ulgamdaky 76 kitaphana bilen maglumatlary alyş-çalyş etmek işleri hem ýola goýuldy.
Şeýle-de bu ýerde döwürleýin neşirlerdäki — gazet-žurnallardaky makalalardyr oçerkleriň her biri aýratynlykda kompýuterleriň ýadynda saklanylýar. Şeýlelikde, okyjy özüne degişli temanyň adyny ýazyp, kompýuterden gözletse, şol tema degişli bolan makalalaryň ählisi awtorynyň ady, çykan gazet senesi bilen bilelikde ekranda peýda bolýar.