Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan MA5+Russiýa görnüşinde geçiriljek üçünji ministrler derejesindäki duşuşygyň gün tertibi boýunça pikir alyşýar

20:0221.05.2020
0
6684

Penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen mejlise gatnaşdylar. Onlaýn duşuşygyň barşynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, şeýle hem sebit we halkara meseleleriň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentiň belleýşi ýaly, Bitarap Türkmenistan diňe yklymda däl-de, eýsem, umumy dünýä işlerinde sebitiň ornunyň artmagyny nazara almak bilen, Merkezi Aziýada netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda üýtgewsiz çykyş edýär. Türkmen tarapy sebitleýin gatnaşyklara yzygiderli çemeleşmek barada pikiri öňe sürüp, bu meselä özüniň konseptual garaýşyny beýan etdi.

Şunda daşary gatnaşyklary sazlaşykly ösdürmek, şol sanda Russiýa Federasiýasy bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek ähmiýetli ýagdaý bolup, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, taryhy taýdan kemala gelen ýakynlyk biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy birleşdirýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri bilen şertlendirilendir.

Mejlisiň çäklerinde MA5+Russiýa görnüşinde geçiriljek üçünji ministrler derejesindäki duşuşygyň gün tertibi boýunça pikir alşyldy. COVID-19 pandemiýasy bilen baglylykda, dünýä ýüzünde emele gelen ýagdaýa aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna we onuň netijelerine garşy göreşmek boýunça ylalaşylan hereketleriň möhümdigi bellenildi.

Milli Lideriň belleýşi ýaly, Türkmenistan bu howpa üstünlikli garşy durmak maksady bilen, utgaşykly çäreleri işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we degişli halkara düzümleriň maslahatlarynyň, şeýle hem milli tejribäniň esasynda ýurdumyzda täze görnüşli koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň toplumynyň öz wagtynda kabul edilendigini bellemek gerek.

Onlaýn duşuşygyň barşynda türkmen tarapy sebitde durnuklylyk we howpsuzlyk, uly mümkinçiliklere eýe bolan syýasy-diplomatik gatnaşyklary giňeltmek meseleleri boýunça pikirleri yzygiderli alyşmagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtlaryň we sebitleriň arasyndaky üstaşyr-ulag gatnawlaryny tiz wagtda we doly dikeltmegiň, täze ugurlary tapmagyň hem-de ylmy diplomatiýanyň netijeli usullaryny peýdalanmagyň zerurdygy baradaky öňe süren başlangyçlary beýan edildi.

Şular bilen bir hatarda duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady, ulag-logistika we umuman sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ösdürmek barada pikirleri beýan etdiler.

Şunuň bilen baglylykda, döwletara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň hem-de ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmagyň, halkara giňişliginde özara gatnaşyklar boýunça ädimleri utgaşdyrmaga mümkinçilik berýän daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklary dowam etmegiň möhümdigi bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň