Arhiw

Owganystan 126 raýatynyň günäsiniň geçilendigi üçin Türkmenistan hoşallyk bildirdi

23:5218.05.2020
0
11210

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen owganystanly tussaglaryň 126-synyň günäsi geçildi. Azatlyga goýberilen Owganystanyň raýatlary Akina we Turgundy serhet nokatlary arkaly maşgalalarynyň arasyna goýberildi. Bu barada «Kabul Now» ýazýar.

Türkmenistanyň bu ynsanperwerlik hereketine Owganystanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan ýokary baha berilýär. Şeýle hem owgan tarapy bu günä geçişlik üçin Türkmenistana çäksiz hoşallyk bildirýär.

Mälim bolşy ýaly, Gadyr gijesi mynasybetli türkmen Lideriniň gol çeken Karary bilen daşary ýurt raýatlarynyň 210-synyň günäsi geçildi. Şolaryň 126-sy Owganystanyň raýatlarydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň