Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-eýran serhedinde epidemiologik howpsuzlyk boýunça ähli çäreler görüler

21:0730.04.2020
0
16137

Şu gün – 30-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.  

Şunuň bilen baglykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda düýn geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň tiz wagtda durmuşa geçirilmeginiň zerurlygy nygtaldy. 

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary pandemiýa garşy göreşmek boýunça bilelikdäki hereketleriň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyna ünsi çekdiler.

Bu ugurda mümkin bolan tiz wagtyň içinde taraplaryň türkmen-eýran serhedinden ulaglaryň we ýükleriň epidemiologiýa nukdaýnazaryndan howpsuz geçirilmegi maksady bilen sanitar, fitosanitar gözegçiliginiň we weterinar barlaglarynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi üçin zerur bolan çäreleriň ählisini durmuşa geçirjekdikleri aýratyn bellenilip geçildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň