Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanda köpçülikleýin sport çäreleri geçirildi

16:3127.04.2020
0
5898

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň sebitlerinde we paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýöriş we estafeta ylgaw ýaryşy geçirildi. «2020-nji ýyl — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany»: behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi» şygary astynda geçirilen bu sport çäreleri baýramçylygyň kalplara bagyşlan ýakymyny has-da artdyrdy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Ahal welaýaty boýunça geçirilen welosipedli ýörişe we estafeta ylgaw ýaryşyna meşhur Polatla dikilen ýadygärligiň ýanynda badalga berildi. Welaýatyň ýaşlarynyň, dürli hünärde işleýän ýaşaýjylarynyň ýüzlerçesiniň gatnaşmagynda geçirilen ýörişdir ylgaw ýaryşy Gökdepe metjidine çenli dowam etdi. Medeniýet we sungat işgärleriniň ýoluň ugrunda ýaýbaňlandyran aýdymsazly çykyşlary çärelere gatnaşyjylaryň ruhubelentligini artdyrdy.

Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde geçirilen welosipedli ýörişdir estafeta ylgaw ýaryşy günbatar sebitdäki sport çäreleri bilen utgaşdy. Bagtyýar ýaşaýjylaryň ýüzlerçesiniň gatnaşmagynda geçirilen çärelere welaýat merkezindäki 10 müň orunlyk sport toplumynyň ýanynda badalga berildi. Olara gatnaşyjylar 20 kilometr aralygy ruhubelentlik bilen geçdiler. Şunda estafeta ylgaw ýaryşynyň birnäçe menzilden ybarat bolandygyny aýtmak gerek.

Daşoguz şäherindäki Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdança demirgazyk sebiti gurşan sport çäreleriniň badalgasyna öwrüldi. Hut şu ýerden badalga alan welosipedli ýöriş şäheriň esasy köçeleri bilen 20 kilometr aralygy geçip, 10 müň orunlyk sport toplumyna çenli dowam etdi. Estafeta ylgaw ýaryşy bolsa 3200 metr aralyga geçirildi.

Türkmenabat — Farap köprüsi, hemişe bolşy ýaly, şu gezek hem Lebapdaky çäreleriň badalga nokady boldy. Welosipedli ýöriş Amyderýanyň Farap etrabyndaky kenaryndan badalga alyp, şäheriň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugry bilen dowam etdi. Ýöriş şäheriň günorta künjegine — welaýat köpugurly hassahanasynyň ýakynyndaky «Ak ýol» binasyna çenli gelip, bu ýerdäki aýlawdan ýüzüni ýene şähere tarap öwürdi, 10 müň orunlyk sport toplumynda hem tamamlandy. Ylgaýjylaryň estafeta ýaryşy bolsa bu toplumyň ylgaw ýodalarynda geçirildi.

Mary welaýatyndaky çärelere adybir şäheriň Kemine köçesiniň gündogar başlangyjyndan badalga berildi. Soňra welosipedli ýörişdir ylgaw ýaryşyna gatnaşyjylar şäheriň esasy köçelerinden geçip, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyna geldiler. Bu ýerde olary medeniýet we sungat işgärleri aýdymsazly dabaralar bilen garşyladylar.

Paýtagtymyz Aşgabatda baýramçylyk mynasybetli, medeni-sport çärelerine «Ýanardag» binasynyň ýanyndaky meýdançada badalga berildi. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň hem-de halk köpçüliginiň işjeň gatnaşmagynda welosipedli ýöriş 20 kilometr aralyga — «Sagdynlyk» binasyna çenli dowam etdi. Soňra ylgaw ýaryşynda ýeňiji bolanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle hem «Sagdyn ýaşlarymyz eziz Diýarymyzyň sütünidir» diýen şygar bilen paýtagtymyzdaky Saglyk ýoluna ýöriş guraldy. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Ir säher bilen Saglyk ýoly ajaýyp baýramçylyk öwüşginlerine beslendi. Bu ýerde sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy bolan eziz Diýarymyzy, beýik ösüşlerimizi, sagdyn durmuş ýörelgelerini, şeýle-de şanyna uly toý tutulýan türkmen bedewlerini wasp edýän aýdym-sazlar, çykyşlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň