Surat: «Туркменистан: золотой век»
Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli her ýyl geçirilmesi däbe öwrülen bu bäsleşige atlaryň 10-dan gowragy gatnaşdyryldy. Bu barada Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň resmi saýty (metbugat.gov.tm) habar berýär.
«Türkmen atlary» döwlet birleşigi we «Milli atly sport» merkezi tarapyndan geçirilen ýaryşa bedewleriň 10-dan gowragy gatnaşdyryldy. Atlar 115 we 130 santimetr beýiklikdäki päsgelçilikleriň 15-e golaýyndan böküp geçdiler.
Päsgelçilikden bökmek boýunça ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri Türkmen bedewiniňmilli baýramynda yglan ediler.