Gruziýada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny

18:0822.04.2020
0
6983

Golaýda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň guramagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp, wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi. Oňa Gruziýanyň «TV-24» we «Объектив» teleýaýlymlarynyň, «Georgian Business Consulting Group» neşirýat toplumynyň, «News Day Georgia» habarlar agentliginiň, «Многонациональная Грузия», «Свободная Грузия», «Резонанс» gazetleriniň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynyň ähmiýetine we onuň parahatçylyk döredijilik mümkinçiligine, wajyp halkara meseleleri çözmekde eýeleýän işjeň ornuna onlaýn maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Şeýle hem ilçi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň energetika, ulag, suw, ekologiýa we medeni diplomatiýa ýaly möhüm ugurlary barada gürrüň berdi. Gruziýanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak, sebitde we dünýä derejesinde durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlaryna, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen alyp barýan netijeli gatnaşyklaryna uly gyzyklanma bildirdiler.

Wideokonferensiýa gatnaşyjylara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda üstümizdäki ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahaty ýokary derejede guramak boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada habar berildi. Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanan üstünliklerine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň