Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabada gyzgyn günler golaýlaşýar

11:1719.04.2020
0
41588

Aşgabadyň howa ýagdaýy bilen bagly geçen hepde aýdylan zatlaryň ählisi çaklanylyşy ýaly boldy. Duşenbede ýagan ýagyşdan soňra paýtagtda maýyl günler hem boldy.

Meteorologlaryň aýtmagyna görä, öňümizdäki hepdede Aşgabatda gyzgyn howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň ahyrynda gündiz 34 derejä, gije 24 derejä çenli maýyl howa bolar.

Has takygy, duşenbe güni gündiz howanyň derejesi 26-27 gradusa ýeter. Şol gün bulutly howa bolup, magnit täsirlenmesi durnukly bolar. Ýeliň tizligi sekuntda 1-1,5 metre çenli ýeter. Emma öýlän 17 töwereklerinde şemal biraz güýçlenip biler. Gije bolsa howanyň derejesi 18 gradusa çenli peseler.

Sişenbe güni gündiz 30 gradusa çenli maýlar. Ýöne günüň dowamynda we agşam bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Käbir çeşmelere görä, agşam asmanda ýyldyrym çakmagyna-da garaşylýar, 0,5 millimetre çenli ýagyş hem ýagyp biler. Gijeki howa 20-22 gradus aralygynda saklanar. Magnit meýdany bolsa durnuksyz bolar.

Çarşenbe güni günortan 27, agşam bolsa 20 gradusa çenli howanyň bolmagyna garaşylýar. Käbir çeşmelerde asmanda biraz buludyň boljakdygy aýdylýar.

Penşenbe güni çarşenbä garanyňda howa biraz üýtgär, ýöne uly bir tapawuda garaşylmaýar.    

Anna güni howa gündiz 20, gije 15 gradusa çenli salkynlar. Emma ýagşyň ýagyp biljekdigi jedelli. Şol gün  çyglylyk 78 göterime çenli ýeter.

Şenbe güni anna gününe çalymdaş howa bolar, biraz ýagşyň ýagmagy mümkin.

Ýekşenbe günündäi howa käbir üýtgeşmelere sebäp bolup biler. Howa gündiz 32 gradusa çenli maýlap, agşamlyk ýyldyrym çakyp, ýagyşyň ýagmagyna garaşylýar. Şol gün paýtgatlylar baharyň ajaýyp howasyndan lezzet alyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň