«Türkmenhowaýollary» 2020 ― 2021-nji ýyllaryň gyş möwsümi üçin awiabiletleri satuwa çykardy

20:3030.03.2020
0
139644

«Türkmenhowaýollarynyň» Russiýadaky wekilhanasynyň resmi web saýtynda 2020 ― 2021-nji ýyllaryň gyş möwsümi üçin awiabiletleriň satuwyna başlanandygyny habar berdi. 
Häzir öňümizdäki gyş üçin şu ugurlara bilet alyp bolýar: 
Aşgabat ― Moskwa ― Aşgabat;
Aşgabat ― Sankt-Peterburg ― Aşgabat;
Aşgabat ― Kazan ― Aşgabat;
Aşgabat ― Bangkok ― Aşgabat.
Russiýadan Bangkoga üstaşyr uçmak üçin hem 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň 27-nji martyna çenli gatnawlar üçin bilet satylýar.
Ýakynda bu sanawa Minsk, Deli we beýleki şäherlere uçuşlar hem goşular.
Uçuş tertibi şu ýerde .
Biletleri «turkmenistanairlines.ru» web saýty we subagentleriň saýtlary arkaly hem satyn alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň