2020-nji ýylyň 28-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda «Dutaryň owazy» atly altynjy halkara sungat festiwaly meýilleşdirilýär. Türkmeniň beýik kompozitory Nury Halmamedowa bagyşlanan festiwal Mamed Guseýnowyň taslamasy boýunça geçiriler. Festiwal dünýäniň dürli ýurtlarynda türkmen aýdym-saz medeniýetini wagyz etmek maksady bilen döredildi.
Festiwalyň çäginde ylmy-amaly maslahat we halkara aýdym-saz bäsleşikleri geçiriler:
Milli däp-dessurlara esaslanýan nusgawy sazyň iň gowy ýerine ýetirilişi üçin sazandalaryň we wokalçylaryň bäsleşigi;
Dünýäniň dürli künjeklerinden gelen kompozitorlaryň türkmen şahyry GURBANNAZAR EZIZOWYŇ (şahyryň 80 ýyllygy mynasybetli) eserlerine aýdym döretmek bäsleşigi.
Bäsleşikleriň şertleri bilen giňişleýin Nury Halmämmedow adyndaky Moskwanyň «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwalynyň resmi web sahypasynda tanşyp bilersiňiz.
Soňky habarlar
Arhiw
Güýzde Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» VI halkara festiwaly geçiriler
12:4830.03.2020
0
16352
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň