Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi

08:5725.03.2020
0
8194

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurduň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda ajaýyp zähmet üstünliklerini gazanan adamlary sylaglamak maksady bilen döredildi.

Bu ýubileý medaly bilen Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmak ugrunda köp ýyllaryň dowamynda halal zähmet çeken ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, ylmyny, bilimini, medeniýetini we sungatyny, saglygy goraýşyny hem-de ýurduň durmuşynyň beýleki ähli ugurlaryny ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanan maksatnamalary durmuşa geçirmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde üstünlikleri gazanan we ýokary hyzmatlary görkezen, şeýle-de döwletiň goranmak ukybyny berkitmäge, raýatlaryň howpsuzlygyny, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek işine goşant goşan Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar.

Şeýle-de bu medal bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan daşary ýurt raýatlary hem sylaglanyp bilner.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň