Türkmenistan Eýrana koronawirus epidemiýasy bilen baglanyşykly ynsanperwer kömek berýär

19:4119.03.2020
0
19267

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan hem-de ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy Eýran Yslam Respublikasynda ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagy sebäpli, bu ýurduň ilatyna ynsanperwer kömegi iberildi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, ýörite ýük Horasan — Rezawi welaýatyna ýetirildi, bu ýere  Deregez şäheriniň häkimi Ali Farahi,  Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golamabbas Arbabhales hem-de Deregez şäheriniň saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Mohandes Salimi,  bu ýurduň habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli saglygy goraýyş maksatly serişdeleri hem-de azyk önümlerini ynsanperwer kömegi hökmünde Eýran Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň