Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň ilçihanasy Türkmenistanyň çägindäki watandaşlaryny wagtlaýynça öz Watanyna gaýtarmak mümkinçiligine seredýär

23:5418.03.2020
0
12719

Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy 2020-nji ýylyň 17-nji martynda iki ýurduň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlarynyň togtadylmagy sebäpli, öz raýatlarynyň Türkmenistandan wagtlaýyn yzyna dolanyp gelmek mümkinçiligine seredýär. Bu barada Ilçihananyň web saýtynda habar berildi.
Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2020-nji ýylyň 16-njy martynda döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmek, jemgyýetiň saglygyny goramak we täze koronawirus ýokanjyny ýaýratmazlyk maksady bilen, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Russiýa girmegini wagtlaýyn (18-nji martdan 1-nji maý aralygynda) togtatdy. Şu çözgüde laýyklykda iki ýurduň arasyndaky howa gatnawlaryna wagtlaýyn arakesme berildi. 
Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy öz raýatlaryndan Türkmenistanda ýerleşýän ýeri (doly öý salgysy, habarlaşmak üçin telefon belgisi ýa-da e-poçta salgysy) barada + 993-61-98-11-68 telefon belgisi arkaly gyssagly habar bermegini soraýar. Olar bilen Russiýa gaýdyp barmagyň senesi barada maslahatlaşylar we degişli kömek berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň