TSTB-niň 12 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda telekeçilik sergisi we maslahaty geçiriler

02:1914.03.2020
0
7724

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Habar berlişi ýaly, şu ýylyň 17-18-nji martynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda sergi geçiriler. Onuň işine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan agzalarynyň 200-den gowragy gatnaşar. Giň möçberli sergide ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň ýeten derejeleri, hususy telekeçileriň ýerine ýetirýän hyzmatlary, taýýarlan hem-de içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri görkeziler.

Sergi şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileriniň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan esasy wezipelerini çözmäge goşýan goşandy, sanly ykdysadyýetiň ösüşiniň netijeleri, önümçilige ýokary tehnologiýalaryň, täzeçil işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylyşy bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, sergi bilen ugurdaş Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. 12 ýylyň dowamynda gazanylan üstünlikleri beýan etmegi, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň ýakyn geljek üçin meýilnamalary kesgitlemegi öz içine alýan işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda öňe sürlen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagy, milli ykdysadyýetimiziň netijeliliginiň we bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyny öz içine alýan syýasaty durmuşa geçirýän döwletimiziň mundan beýläk-de telekeçilik işini, işewür toparlaryň işjeňligini hemmetaraplaýyn höweslendirjekdigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň