Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Russiýadan COVID-19 wirusyny anyklaýjy enjamlary aldy

22:3012.03.2020
0
22445

Türkmenistan Russiýanyň "Rospotrebnadzor" gullugyndan COVID-19 wirusyny anyklamak üçin niýetlenen enjamlary aldy. Bu barada gullugyň penşenbe güni ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Türkmenistan bilen bir hatarda bu ulgamlar Eýrana, Azerbaýjana, Özbegistana, Täjigistana, Mongoliýa, we KHDR-e iberildi. Bu ýurtlara jemi 800 sany enjam iberilip, olar hünärmenlere 80 müň barlagy ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.

Russiýanyň gullugy bu enjamlaryň aglaba bölegini, yagny 50 müň barlagy geçirmäge mümkinçilik berjek 500 sanysyny Eýrana iberdi. Häzirki wagta çenli bolsa barlag enjamy sebitdäki 10 ýurda iberildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 5-nji martda ýurda ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça geçirilen brifingde Türkmenistanda koronawirus keseliniň ýa-da onuň alamatlarynyň hadysasynyň hasaba alynmandygy barada habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň