Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow: «Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň deňiz arkaly hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler bar»

15:2211.03.2020
0
5213

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Bakuwda geçirilen türkmen-azerbaýjan gepleşiklerinde «Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň Hazarda deňiz aragatnaşygyny giňeltmek üçin ähli mümkinçilikleri bar» diýip belledi.

Türkmen Lideriniň aýdyşy ýaly, Hazarda iň uly ulag-üstaşyr merkeziniň döredilmegi, Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek we daşarky bazarlara çykmak nukdaýnazaryndan strategiki ugur bolup durýar.

Şu babatda aýdyp, türkmen Lideri özara gatnaşyklaryň ulag böleginiň Hazarýaka döwletleriň ulag ulgamlarynyň birleşmegini üpjün edýän berk hukuk binýadyny talap edýändigini nygtady.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Hazar deňzi ― Gara deňiz ulag geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.

«Hazar we Gara deňiz sebitleriniň bir ulag geçelgesine baglanylmagy, elbetde, ykdysady, senagat we energiýa hyzmatdaşlygyny, söwda, maýa goýumlaryny ösdürmek üçin iň giň mümkinçilikleri açýar» diýip, Berdimuhamedow bu taslamanyň diňe bir oňa gatnaşýan döwletler üçin däl, eýsem, Aziýanyň we Ýewropanyň beýleki döwletleri üçin ähmiýetli boljakdygyny aýtdy.

«Bu taslama Rumyniýa, Gruziýa, Türkmenistan we Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga yzygiderli, uzak möhletli häsiýet bermekde başlangyç uly orny eýelär. Geçen ýylyň mart aýynda Buharestde geçirilen dört taraplaýyn gepleşikler geljegi uly we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim boldy» diýip, türkmen Lideri belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň