Azerbaýjanyň Prezidentiniň «Zagulba» kabulhanasynda ýokary derejedäki türkmen-azerbaýjan gepleşikleri başlady. Bu gepleşikler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bakuwa bir günlük resmi saparynyň çäklerinde geçirilýär.
Iki ýurduň Liderlerniň duşuşygy köşgünde öňünde Hormat garawulynyň nyzama durmagy we Döwlet senalarynyň ýaňlanmagy bilen başlady. Soňra Prezidentler birek-biregi öz ýurtlarynyň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşdyrdylar.
Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşüriş dabarasyndan soň ikiçäk görnüşdäki gepleşikler başlandy.
Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary häzirki wagtda has işjeňleşdir. Iki ýurduň hem ägirt uly ykdysady gorlary, energiýa, ulag we aragatnaşyk mümkinçiligi bar. Gepleşikleriň gün tertibinde özara söwda we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek meselesi hem bar.