Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«PETRONAS Charigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy PETRONAS Tehnologiýa uniwersitetinde okamaga çagyrýar

21:3210.03.2020
0
99061

«PETRONAS Charigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy, dalaşgärleri 2021-nji okuw ýyly üçin PETRONAS Tehnologiýa uniwersitetine (Malaýziýa) aşakdaky hünärler boýunça okuwa çagyrýar:

• Inženerçilik tehnologiýasy / Mehaniki inženerçilik

• Himiýa in inženerçiligi / Himiýa inženerligi

• Nebit we gaz öndürmegiň tehnologiýasy / Nebit inženerligi

• Elektrik we elektronika / Elektrik we elektron inženerligi

• Geologiýa we geofizika / Geologiýa

Resminamalar kabul edilende bildirilýän talaplar:

ýaşy: 17-23 ýaş aralygynda;
maşgala ýagdaýy: öýlenmedik/durmuşa çykmadyk
Iňlis dilini boýunça talaplar:

            - iň pes baly IELTS 5.0 talaplaryna laýyk gelmeli;

            - iň pes baly TOEFL PBT 500; TOEFL PDT 59 talaplaryna laýyk gelmeli.

matematika, himiýa, fizika we inženerçilik ylymlary bilen baglanyşykly beýleki dersler boýunça orta mekdebiň soňky iki ýylynda gowy bahalary alan bolmaly;
okuwdan daşary çäreler
başarjaňýolbaşçylyk ukyplary

Gerekli resminamalaryň sanawy:

bellenen görnüşdäki sowalnama
pasportyň göçürmesi (ýerli we daşary ýurt)
doly orta bilim şahadatnamasynyň göçürmesi
11-nji synp okuwçylary üçin ― soňky iki-üç çärýekde alan bahalary barada kepilnama
TOEFL / IELTS synaglaryndaky ballaryny tassyklaýan kepilnama;
3,5 * 5 ölçegdäki 9 sany fotosurat (ýokary ölçegli, gök fon)
Arza berijiniň rezýumy (täzelenen)
bar bolan ähli şahadatnamalary ýa-da tassyklaýjy resminamalary.

Ähli resminamalar iňlis diline terjime edilmeli, çap edilen we elektron görnüşinde (CD-de) berilmelidir.

Resminamalary «PETRONAS Charigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň merkezi edarasyna aşakdaky salgy boýunça tabşyrylmaly:

Aşgabat, 744027, Baýik Saparmurat Türkmenbaşy şaýoly, 81 (B blok)

Resminamalar 2020-nji ýylyň 10-njy apreline çenli kabul edilýär.

Synag we söhbetdeşlige diňe talaplary doly ýerine ýetiren dalaşgärler çagyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň