Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasynda sanly bilim ulgamy ara alnyp maslahatlaşyldy

09:4602.03.2020
0
8950

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýatynyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda ýurduň sanly ykdysadyýetini ösdürmek baradaky Konsepsiýa bilen bagly «tegelek stoluň» başyndaky maslahat geçirildi.

Maslahata akademiýanyň mugallymlary we talyplary, Bilim ministrliginiň we Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkeziniň wekilleri gatnaşdy.

Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy Serdar Orazbaýew, maslahata gatnaşyjylara «Elektron hökümet» tehnologiýasy boýunça halkara we milli tejribeler baradaky maglumatlary hödürledi. Bu tehnologiýalaryň we degişli guramaçylyk çäreleriniň toplumy dürli hökümet edaralarynyň, raýatlaryň, guramalaryň we beýleki ykdysady guramalaryň arasynda özara gatnaşyklary guramak üçin kanuny goldawdyr.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Bilim institutynyň amaly dersler bölüminiň müdiri Ylýas Ymamgulyýew öz çykyşynda gatnaşyjylaryň ünsüni kanunçylyk we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna esaslanýan we hökümetiň goldawyny talap edýän kiberhowpsuzlyk çärelerini yzygiderli durmuşa geçirmegiň zerurlygyna ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň