Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

iOS we Android platformalary üçin “Google Translate” hyzmatyna türkmen dili goşuldy

12:2401.03.2020
0
22764

“Google” internet kompaniýasy iOS we Android platformalary üçin “Google Translate” ykjam programmasyny täzeledi we türkmençe teksti başga dillere terjime etmek mümkinçiligini goşdy.

Indi “Google Translate”-i ulanyp, türkmen dilinden sözleri we sözlemleri ykjam telefonlar üçin niýetlenen programmada terjime edip bilersiňiz. Terjime etmek üçin 108 dünýä dili bar. Şeýle-de bolsa, teksti türkmen dilinden bolan suraty terjime etmek mümkinçiligi ýok. Suratdan teksti tanamak we terjime etmek ukyby iňlis, türk, fransuz, nemes, rus we beýleki dünýä dillerinde elýeterlidir.

Tamamlanyp barýan hepdede “Google Translate”-iň web wersiýasynyň dil sanawyna türkmen diliniň resmi taýdan goşulandygyny ýatladýarys. Umuman alanyňda, onlaýn terjimeçä bäş dil goşuldy. Bular “Google Translate” hyzmatyna soňky dört ýylda goşulan ilkinji dillerdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň