27-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanyna Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherine boljak gulluk iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Onuň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen-katar gatnaşyklary meselesine degip geçip, olaryň dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglyklykda, milletiň Lideri uzakmöhletleýin esasda netijeli döwletara gatnaşyklaryny giňeltmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtady.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň paýtagtyna gulluk iş saparyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlanmagyň üpjün edilmegini tabşyryp, degişli Buýruga gol çekdi. Milletiň Lideri resminamany wise-premýere, daşary işler ministrine elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberip, Kataryň Emirine halkara derejesinde bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak baradaky çakylygy gowşurmagy tabşyrdy.
Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2020-nji ýylyň 29-njy fewralynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde gulluk iş saparynda bolar.