AFK-nyň kubogy ― 2020: «Neftçini» uly hasap bilen ýeňen «Hujand» toparçalarda «Altyn asyryň» garşydaşy boldy

20:4426.02.2020
0
5404

Täjigistanyň «Hujand» futbol topary AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama tapgyrynda Gyrgyz Respublikasynyň «Neftiçisini» ýeňip, toparçalaýyn ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy. Duşenbe şäherindäki Merkezi respublikan stadionynda geçirilen duşuşyk täjik toparynyň 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Gyrgyz Respublikasynda bolan ilkinji duşuşykda «Neftçiniň» 1:0 hasabynda üstün çykandygyny ýatladýarys. Bu ýagdaý «Hujand» üçin kynçylyk döreden hem bolsa, topar dürs baş çykaryp, yklym ýaryşyna goşulmaga hukuk gazandy. Esasy wagty «Hujandyň» 1:0 hasabyndaky üstünligi bilen tamamlanan duşuşygyň goşmaça wagtynda ýer eýeleri ýene iki pökgi geçirdiler. Pökgüleriniň ählisiniň hem awtory «Hujandyň» kapitany Dilşod Bozorowdyr.

Şeýlelikde, «Hujand» yklymyň ikinji derejeli ýaryşynyň Merkezi zolagynda ýaryşar. «D» toparçada Türkmenistanyň çempiony «Altyn asyr», Täjigistanyň çempiony «Istiklol» we Gyrgyz Respublikasynyň çempiony «Dordoý» hem bar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň