Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň dolandyryş binasynda Gümrükhananyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda welaýatyň telekeçileri bilen duşuşyk geçirildi ― diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär.
Duşuşyga Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň, Daşoguz welaýat kärdeşler arkalaşygynyň ýolbaşçylary, Daşoguz halkara howa menziliniň, Daşoguz welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň, Daşoguz welaýat Türkmenstandartlary döwlet gullugynyň, Daşoguz welaýat maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň Daşoguz welaýat salgyt bölüminiň işgärleri, telekeçiler hem-de harby gullukçylar gatnaşdylar.
Duşuşykda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanda öndürilen önümleriň daşary ýurtlara iberilýän görnüşlerini artdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem bu ugurda telekeçileriň teklipleri we bellikleri diňlenildi.