Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy ― diýip, TDH habar berýär.
Mejlisiň dowamynda:
döwlete dahylsyz ulgamy goldamak maksady bilen görülýän çäreler;
bu ugurda görülýän çäreler barada aýdyp, abraýly ykdysady düzümler, şol sanda OPEK Halkara ösüş gaznasy bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça geçirilýän işler;
ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri;
şu ýylyň 24-25-nji fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir» atly halkara maslahaty hem-de nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk;
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde 2020 — 2023-nji ýyllarda gurulmagy meýilleşdirilýän senagat we önümçilik desgalary;
ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli agentliklerde işleri döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler;
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň we «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň merkezi edarasynyň düzümini üýtgetmek;
gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň Tertipnamalaryny tassyklamak;
ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar syýasaty ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler;
2020 — 2022-nji ýyllarda Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça maksatnamanyň taslamasynyň taýýarlanylyşy;
jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň Türkmenistanyň milli ulgamyna özara baha bermek çäresini geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça Pudagara topary döretmek;
milli parlamentiň ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, demokratik esaslary çuňlaşdyrmak we Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryny öňe ilerletmek boýunça alyp barýan işleri bilen bagly öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.