Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol topary täze möwsüme taýýarlyk işlerini Türkiýede dowam etdirer. Bu ýerde topar ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini meýilleşdirýär.
«Pressbol» neşiriniň ýazmagyna görä, «Şagadam» 21-nji fewralda Belarus Respublikasynyň «Şahtýor» topary bilen duşuşar. Ildeşlerimiziň 25-nji fewraldaky garşydaşy bolsa ýene-de şol döwletiň Žodino şäheriniň «Torpedo-BelAZ» topary bolar.
«Şagadamyň» garşydaşlarynyň ikisi hem Belarus çempionatynyň iň ýokarky dwizionynda ýaryşýar.