Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy «Medeniýetleriň köpdürliliginiň festiwalyna» gatnaşdy

12:1025.01.2020
0
613

Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy beýleki diplomatik wekilhanalary bilen birlikde ÝUNESKO-nyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli guralan we bu çärä bagyşlanyp geçirilen «Medeniýetleriň köpdürliliginiň festiwalyna» özüniň diwarlygy bilen gatnaşdy.

Medeni çäre ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda geçirildi we Guramanyň Kätipliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Ilçiler Klubynyň başlangyjy boýunça guraldy. Bu çärä gatnaşyjy ýurtlaryň ählisi özleriniň milli diwarlyklaryny guradylar. Bu barada “neutrality.gov.tm”  habar berýär.      

«Medeniýetleriň köpdürliliginiň festiwalynyň» açylyş dabarasyna ÝUNESKO-nyň Kätipliginiň, ÝUNESKO-nyň ýanynda we Fransiýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Fransiýanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, jemgyýetçiligiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ilçihanasy bu medeni çäräni şonuň ýaly-da biziň ýurdumyzda yglan edilen «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly bilen utgaşdyrdy.

Türkmen stendinde el halylary, milli egin-eşikler, zergärçilik önümleri we bezeg şaýlary görkezildi. Şonuň ýaly hem biziň stendimizi görmäge gelýänlere milli tagamlarymyz hödür edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň