Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda “Altyn Asyr” bank kartlarynda “Cashback” hyzmaty ornaşdyrylýar

18:5211.01.2020
0
48974

Nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak, kart saklaýjylara amatlyklary döretmek maksady bilen, häzirki wagtda ýurdumyzyň banklary tarapyndan "Altyn Asyr" bank kartlaryny saklaýjylar üçin “Cashback” hyzmaty ornaşdyrylýar.

“Cashback” sözi iňlis dilinden terjime edilende “Cash” – kassa, pul, “Back” – gaýtarmak, yzyna diýmegi aňladýar. Sözüň doly manysy, bank kartlary arkaly hasaplaşyklar geçirilende (söwda, hyzmatlar üçin tölegler) tölenen möçberiň belli göterimi (banka görä üýtgeýär) höweslendirme hökmünde kart saklaýjynyň kartyna, ýagny yzyna gaýtarylýar. 
Bank kartlary arkaly haryt we hyzmatlar üçin töleg edilende yzyna gaýtarylýan göterim möçberi banka görä üýtgäp biler. Şeýle hem, kä halatlarda “Cashback” hyzmaty şol banka degişli bolan töleg terminallarynda belli göterim möçberi, özüne degişli bolmadyk töleg terminallarynda bolsa başga göterim möçberi görnüşde hem bolup biler. Bulary bank kesgitleýär.

Anyk maglumaty banklaryň resmi web saýtlaryndan ýa-da olaryň sorag-jogap gulluklaryndan bilmek bolar.

Bu görnüşli hyzmatlar daşary ýurt tejribesinde hem giňden ýaýran. “Cashback” hyzmatynyň maksady müşderilere nagt däl hasaplaşyklardan peýdalanmakda höweslerini artdyrmak bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň