Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen dzýudoçylary Ysraýylda geçiriljek Grand Pri ýaryşyna gatnaşar

18:3506.01.2020
0
14391

Türkmenistanly türgenleriň ikisi dzýudo boýunça «Tel Aviv Grand Prix 2020» halkara ýaryşyna gatnaşar. Adyndan hem mälim bolşy ýaly, bu halkara ýaryş 23 ― 25-nji ýanwar aralygynda Ysraýylyň Tel-Awiw şäherinde geçiriler. Bu barada Dzýudo boýunça halkara federasiýanyň resmi saýty habar berýär.

Bu ýaryşa biziň ýurdumyzdan 20 ýaşly türgen Hekim Agamämmedow (66 kilograma çenli agram derejesinde) Gülbadam Babamuradowa (52 kilograma çenli agram derejesinde) gatnaşar.

Halkara ýaryşa 95 döwletden 671 türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň