Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy Azerbaýjanda we Ermenistanda türgenleşýär

15:2406.01.2020
0
14530

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy häzirki günlerde iki düzüme bölünip daşary ýurtlarda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasyndan «Turkmenportala» habar berildi.

Türkmen agyr atletikaçylarynyň bir toparynyň Azerbaýjanyň Hyrdalan şäherindäki ýygnanyşygy 28-nji dekabrda başlandy. Bu ýerdäki türgenleşikler şu aýyň 21-ne çenli dowam eder. Bu düzüme tälimçileriň üçüsi: Ömürbek Bazarbaýew, Ikram Mätkerimow we Meretguly Sähetmyradow tälim berýär. Azerbaýjandaky türgenleşiklere ýedi türgen ― Hojamuhammet Toýçyýew, Seýitjan Mirzaýew, Şatlyk Şöhradow, Ýulduz Jumabaýewa, Kristina Şermetowa, Gülnabat Kadyrowa we Aýsoltan Toýçyýewa dagylar gatnaşýar.

Ikinji düzüm bolsa baş tälimçimiz Artus Emirýanyň ýolbaşçylygynda Ermenistanda ussatlygyny artdyrýar. 4-nji ýanwarda başlap, 1-nji fewrala çenli dowam etjek türgenleşiklere Rejepbaý Rejebow, Öwez Öwezow we Maksat Meredow gatnaşýar. Türgenleşikler Sahkadzor şäherçesinde, deňiz derejesinden 1800 metr belentlikde geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň