Şu gün Türkmen halysynyň milli muzeýinde türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ― diýip, TDH habar berýär.
Haly muzeýinde geçirilen baýramçylyk çäresine Medeniýet ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň ýolbaşçylar düzüminiň wekilleri, sungaty öwrenijiler, belli artistler, ýazyjylar, alymlar we žurnalistler hem-de ussat halyçylar gatnaşdylar.
Meşhur aýdymçylar, döredijilik toparlary halyçylyk sungatynyň waspyny ýetirýän tans eserleri bilen şu günki dabaranyň şowhunyny artdyrdylar.
Dabaraly maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ÝUNESKO-nyň bilermenleriniň türkmen el halyçylyk däplerini tutuş dünýäniň beýik medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar etmeginiň bu milli gymmatlygymyzyň daşary ýurtlardaky abraýyny has belende galdyrjakdygy, has giň gerimli meşhurlyga eýe etjekdigi şübhesizdir.
Dabaraly maslahatda çykyş edenler türkmen el halysynyň şöhratynyň täzeden dikeltmek işine döwlet Baştutanynyň goşan şahsy goşandyny aýratyn nygtadylar.