Soňky habarlar

Arhiw

Armrestling boýunça Aşgabat şäheriniň çempionaty geçiriler

19:5008.12.2019
0
2057

Guramaçy topar şu ýylyň 22-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde armrestling (el göreşi) boýunça Aşgabat şäheriniň çempionatyny geçirmegi meýilleşdirýär. Çempionata gatnaşmak üçin 16 ýaşdan uly erkekler we zenanlar 19-njy dekabra çenli ýüz tutup bilerler.

Erkekleriň arasyndaky ýaryşlar 55, 60, 65, 70, 75, 80, 85, 90, 100 kilograma çenli we 110 kilogramdan ýokary derejede geçiriler.

Zenanlaryň arasynda bolsa 55, 60, 65, 70 kilograma çenli hem-de 80 kilogramdan ýokary derejelerde ýaryşlar bolar.

Paýtagtyň çempionatyna gatnaşmaga isleg bildirýänler +993 64 02 35 34, +993 62 40 08 55 boýunça habarlaşyp bilerler. Elbetde, ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar we guramaçy topar tarapyndan beýleki höweslendirmeler garaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň