22-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa döwlet Baştutanyna 2019-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde möwsümleýin alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri we ýüze çykarylan tapyndylary döwletimiziň muzeýlerine tabşyrmak çäresi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu işler 2018 — 2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň çäginde, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň döwlet maksatnamasyna laýyklykda amala aşyryldy.
Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hem-de Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň hünärmenleri ýylyň dowamynda birnäçe açyşlary etdiler. Häzirki wagtda aýry-aýry taryhy-binagärlik ýadygärliklerini ylmy esasda öwrenmek we dikeltmek we olary syýahatçylyk ugurlaryna goşmak boýunça işler dowam etdirilýär.
Wise-premýer taryhy-medeni gymmatlyklar babatda uly ylmy ähmiýete eýe bolan gazuw-agtaryş işleri wagtynda ýüze çykarylan gymmatlyklary ýörite şekillerde görkezmek bilen, olaryň degişli barlag işlerinden geçirilenden we rejelenenden soň, Ahal welaýatynyň «Ak bugdaý» milli muzeýine, Lebap we Mary welaýatlarynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerine beriljekdigini belledi. Şu mynasybetli dabaralary Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Ýurdumyzyň arheologlarynyň we gymmatlyklary dikeldijileriň ylmy işleriniň netijeleri «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmegiň ähmiýeti: rejeleýiş-berkidiş işleri, ylmy barlaglar» atly maslahatyň barşynda ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem şu arheologik gymmatlyklara bagyşlanan kitaby çap etmek meýilleşdirilýär.