Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenhowaýollary» dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň şäherlerine gatnawlary dikelder

12:0701.11.2019
0
17234
«Türkmenhowaýollary» dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň şäherlerine gatnawlary dikelder

Dekabr aýynyň ikinji ýarymynda Türkmenistandan Ýewropa Bileleşiginiň döwletlerine howa gatnawlary amala aşyrylyp, ýolagçy gatnadylyp başlanar. Ozal dowam edýän gatnawlar şu ýylyň 4-nji fewralynda wagtlaýyn ýatyrylypdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Eýýäm ýakyn günlerde Beýik Britaniýanyň Birmingem we Germaniýanyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherlerine awiabiletleriň satylyp başlanmagyna garaşylýar.

Ýakynda Ýewropanyň awiasiýa howpsuzlygy agentligi (EASA) tarapyndan «Türkmenhowaýollarynyň» mümkinçiliklerine ýokary baha berildi. Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa gullugyň başlygy Döwran Sabyrowa ÝB-ne howa gatnawlaryny amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.

«Türkmenhowaýollary» her ýyl içerki we halkara gatnawlar arkaly 3 milliona golaý ýolagça hyzmat edýär.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň