Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyryndaky KHDR we Şri-Lanka duşuşyklary üçin Türkmenistanyň futbol ýygyndysy kesgitlendi

23:0730.10.2019
0
11916

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň horwatiýaly hünärmen Ante Mişeniň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler düzümi şu aýda Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde KHDR-nyň we Şri-Lankanyň ýygyndylary bilen geçiriljek duşuşyklar üçin 26 futbolçylyk düzümi kesgitlediler.

Bu duşuşyklaryň ikisi hem Aşgabatda ― «Köpetdag» stadionynda geçiriler. Ikisi hem 16:00-da başlanjak duşuşyklarda milli ýygyndymyz 14-nji noýabrda KHDR-ny, 19-njy noýabrda Şri-Lankany kabul eder.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy:

Derwezeçiler: Mämmet Orazmuhammedow («Altyn asyr»), Batyr Babaýew («Ahal»), Rahat Japarow («Köpetdag»).

Goragçylar: Mekan Saparow («Altyn asyr»), Şöhrat Söýünow («Ahal», häzirki wagtda şikesli), Abdy Bäşimow («Ahal»), Güýçmyrat Annagulyýew («Aşgabat»), Gurbanguly Aşyrow («Ahal»), Serdar Annaorazow («Ahal»).

Ýarym goragçylar: Serdar Geldiýew («Altyn asyr»), Wezirgeldi Ylýasow («Ahal»), Resul Hojaýew («Altyn asyr»), Yhlas Magtymow («Şagadam»), Merdan Gurbanow («Ahal»), Ruslan Mingazow («Irtyş», Gazagystan), Arslanmyrat Amanow («Lokomotiw», Özbegistan), Amir Gurbany («Nagaworld», Kamboja), Mirza Beknazarow («Ahal», häzirki wagtda şikesli).

Hüjümçiler: Wahyt Orazsähedow («Dordoý»), Altymyrat Annadurdyýew («Altyn asyr»), Didar Durdyýew («Ahal»), Myrat Ýagşyýew («Altyn asyr»), Mihail Titow («Altyn asyr»).

Ätiýaçdakylar: Artur Geworkýan, Meýlis Diniýew («Köpetdag»), Döwletmyrat Seýitmuhammedow («Köpetdag»). 

Tälimçiler düzümi: Ante Mişe ― baş tälimçi, Sandro Tomiç ― tälimçi, Maksim Belyh ― tälimçi, Begenç Garaýew ― tälimçi, Kyýas Hajyýew ― lukman, Eziz Amangeldiýew ― owkalaýjy, Parahat Bäşimow ― owkalaýjy. 

Adminstrasiýa: Çaryýarguly Seýdiýew ― toparyň ýolbaşçysy, Resul Mämmedow ― adminstrator, Gennadiý Hristoforidi ― adminstrator, Babanazar Haknazarow ― menejer, Sapargeldi Begliýew ― wideooperator. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň