«Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň ilkinji kitap alyş-çalyş nokady döredildi. Bu merkez «Kitap nokady» diýlip atlandyrylýar. Merkezdäki «Rahat Cofee» kafesinde açylan nokatda her bir müşderi kitap okamaga ýa-da ozal okan kitabyny başga bir kitap bilen çalşyrmaga mümkinçilik alar.
Söwda-synç alyş merkeziniň ikinji gatynda ýerleşýän «Kitap nokadyny» döretmek başlangyjy «Readit» internet-dükanyna degişlidir. Mundan soň her kim okan kitabyny bu ýere getirip, beýleki okyjylar bilen paýlaşyp biler. Munuň üçin oňa tekjeden islendik kitaby alyp gidip okamaga mümkinçilik berilýär. Eger taslama şäheriň ýaşaýjylarynda gyzyklanma döretse, şeýle nokatlary paýtagtyň ýene-de birnäçe ýerinde döretmek meýilleşdirilýär.
Bu ýagdaý bolsa özüňizde artykmaç kitaplary netijeli ýerlemäge we täze kitaplary edinmäge döredilen oňat mümkinçilikdir.