Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda halkara nebitgaz sergisi we maslahaty geçiriler

13:5312.10.2019
0
7968

22 ― 24-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy ― 2019» atly XXIV halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Garaşsyzlyk ýyllarynda asylly däbe öwrülen bu sergä pudagyň ýerli kärhanalary bilen bilelikde dünýä belli daşary ýurt kompaniýalary gatnaşar.

Türkmenistan nebit we gaz serişdeleri boýunça dünýäniň iň uly çeşmeleriniň birini özünde saklaýan döwletleriň hatarynda. Sanlyja günlerden 24-njisi geçiriljek halkara maslahat we sergi bu pudaklar boýunça halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Bu halkara çärelere ýurduň nebitgaz toplumynyň dolandyryş edaralary tarapyndan häzirden ýokary derejede taýýarlyk görülýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň