Soňky habarlar

Arhiw

Aleksandr Lukaşenko: «GDA-ny ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasynyň üstüni anyk taslamalar bilen ýetirmeli»

13:2811.10.2019
0
2747

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşinde çykyş eden Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň aýdyşy ýaly, dünýäde bolup geçýän wakalary nazara alanyňda, gurply we netijeli bileleşik hökmünde Arkalaşygy berkitmegiň wagty geldi.

Belent mertebeli myhmanyň nygtaýşy ýaly, ykdysadyýet döwletara gatnaşyklarynyň binýady bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Mejlisiň gün tertibine girizilen strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Jarnamanyň GDA ýurtlarynyň ykdysady kuwwatlyklaryny birleşdirmegiň, önümçilik-kooperasion we söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň zerurdygyny ýene bir gezek tassyklady.

Belarus Lideri 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA-ny ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyny taýýarlamak meselesi barada durup geçmek bilen, onuň üstüni ykdysady ösüşiň geljegi uly umumy nokatlaryna öwrülip biljek anyk taslamalar bilen ýetirmegiň zerurdygyny aýtdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň