Arhiw

Türkmen gawuny Awstriýa eksport edilýär

23:0523.09.2019
0
6549
Türkmen gawuny Awstriýa eksport edilýär

Türkmen telekeçileri tarapyndan Awstriýa Respublikasynyň paýtagtyna Türkmenistanyň agrosenagat toplumynda ýetişdirilen gawunlaryň 18,5 tonnasy eltildi.

«Gyzyl gülaby» atly meşhur gawuny «Turope Consult GmbH» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşygyny ýola goýan «Ter önüm» hojalyk jemgyýeti tarapyndan eksporta iberilýär. Ekologiýa taýdan arassa karton gutulara gaplanan gawunlar «Volvo» kysymly sowadyjy ýük awtoulaglarynda awstriýaly alyjylara ugradyldy – diýip, TDH habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň