Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi boýunça işleri dowam etdirmegiň çäklerinde 2019-njy ýylyň 6-njy sentýabrynda Ženewada, Şweýsariýa Konfederasiýasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýurtlaryň arasynda halkara söwdasynyň we ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi boýunça ýöriteleşdirilenen halkara guramalarynyň we edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.
Şunuň bilen baglylykda wekiliýet BSG-nyň, BMG-niň Söwda we ösüş maslahatynyň (UNCTAD), Halkara söwda merkeziniň (UNCTAD-yň we BSG-nyň Tehniki hyzmatdaşlygy boýunça agentligi) we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky Karary bilen Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agzalygy bilen bagly bolan meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.