Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçiriler

01:1007.09.2019
0
17066

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 6-njy sentýabrdaky mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygynyň öňüsyrasynda, 23-nji sentýabrda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXII maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Foruma dünýäniň dürli döwletlerinden wekiller hem-de ýurdumyzda işleýän we ýaşaýan daşary ýurtly türkmenler gatnaşar. Maslahatyň gün tertibine Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 2019-njy ýyldaky işiniň netijeleri barada hasabat, birleşigiň agzalarynyň alyp baran işleri baradaky çykyşlary we beýleki möhüm meseleler giriziler.

Dünýä türkmenleriniň maslahaty, däp bolşy ýaly, Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidenti bu birleşigiň türkmen döwletiniň özygtyýarly ösüşiniň ilkinji ýyllarynda döredilendigini, onuň esasy maksadynyň milletimizi birleşdirmekden, Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine watandaşlarymyzy jebisleşdirmekden ybaratdygyny aýdyp, wise-premýere öňümizdäki forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň