Türkmenistanyň Prezidenti söwda we daşary aragatnaşyklar ministrini wezipesinden boşatdy

23:4904.09.2019
0
23063

Türkmenistanyň Prezidenti Işanow Amandurdy Bekdurdyýewiçi işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň söwda we daşary aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşatdy. Bu wezipä Orazmyrat Gurbannazarow bellenilip, ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerinden boşadyldy.

Ministr Orazmyrat Gurbannazarow 1966-njy ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Mürçe obasynda doguldy. 1993-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlady. Bilimi boýunça hünäri buhgalter hasabaty we maliýe boýunça ykdysatçy.

Zähmet ýoluna 1984-nji ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bäherden şäherçe geňeşliginiň baş hasapçysynyň orunbasary wezipesinde başlady, soňra 1987-nji ýylyň ýanwar aýyndan dekabr aýyna çenli Bäherden melioratiw stansiýasynda hasapçy bolup işledi. 1993-nji ýyldan 1997-nji ýyla çenli Içeri işler ministrliginiň edaralarynda orta ýolbaşçy düzümdäki wezipelerde gullukda boldy. Soňra Ahal welaýatynyň maliýe we salgyt edaralarynda dürli wezipelerde işledi. 2008-nji ýyla çenli Ahal welaýaty boýunça döwlet salgyt gullugynyň Salgyt gulluklarynyň işine gözegçilik etmek bölüminiň başlygy wezipesinde işledi.

2008-nji ýylda Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. 2009-njy ýylyň ýanwar aýyndan Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy boldy.

2010-njy ýylda Türkmenistanyň oba hojalyk ministri wezipesine bellenildi.

2011-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

2012-njy ýyldan 2014-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinde işledi.

2014-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy boldy.

2015-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli Daşoguz welaýatynyň häkimi bolup işledi.

2017-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. 2018-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy bolup işledi.

***
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Döwletgeldi Jumadurdyýewiç Rejepowy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadylyp, ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerine bellenildi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň