Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynda 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň 10-njy apreli aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçiriljek Bütindünýä «EKSPO — 2020» sergisine bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa ilçihananyň Wagtlaýyn işler ynanylan wekili Abdul-Aziz Al-Haşimi, türkmen tarapyndan Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri hem-de milli we daşary ýurtlaryň Türkmenistanda akkreditirlenen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada “Türkmenistan” gazetine habar berilýär.
«EKSPO — 2020» sergisindäki Türkmenistanyň pawilýony millilik bilen döwrebaplygyň özboluşly sazlaşygyny emele getirýär. Pawilýonda ýurduň ähli milli nyşanlary, milli baýlyklary iň häzirki zaman tehologiýalar bilen bezelen şekillerde öz beýanyny tapýar. 6 aýlap dowam etjek Bütindünýä «EKSPO — 2020» sergisine 25 milliondan gowrak adamyň baryp görmegine garaşylýar. Olaryň 70 göteriminiň dünýäniň beýleki ýakyn-u-alys sebitleriniň wekilleridir. Bu bolsa «EKSPO — 2020» sergisinde Türkmenistanyň ykdysady, söwda, innowasiýalar we medeni ugurlarda gazanan üstünlikleriniň Ýer ýüzüne ýaýylmagyna öz täsirini ýetirer. Sergide Türkmenistanda öndürilen harytlary daşary ýurtlulara hödürlemäge-de uly mümkinçilikler açylar.