Şri-Lankanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 31-njy awgustda Bahreýnde BAE-niň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer diýip, «Khaleej Times» habar berýär.
Häzirki wagtda FIFA-nyň reýtinginde Şri-Lankanyň ýygyndysy 200-nji, BAE bolsa 65-nji orny eýeleýär.
Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyryna Şri-Lankanyň ýygyndysy Kolombo şäheriniň «Reýkors» stadionynda Türkmenistanyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyk bilen girişer.