Türkmenistanyň Prezidenti bankomatlaryň işleýşine gözegçiligi gowşadandygy üçin Merkezi bankyň başlygyna käýinç yglan etdi

23:5619.08.2019
0
20125

19-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen sanly wiodearagatnaşyk arkaly iş maslahatynda Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew ýurdumyzyň bank ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we topluma täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň banklarynda maliýe serişdeleriniň ýeterlik mukdarynyň bardygyny aýdyp, şolaryň maksadalaýyk peýdalanylmagyny, aýratyn-da, degişli tehniki toparlaryň bankomatlaryň sazlaşykly işine gözegçiligini yzygiderli ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň döwrüň talaby bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Milletiň Lideri wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýurdumyzyň banklary tarapyndan ornaşdyrylan bankomatlaryň işleýşine gözegçiligi gowşadandygy üçin Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe käýinç yglan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň