Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

07:5912.08.2019
0
4171

11-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow bilen duşuşdy diiýp, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Bolgariýanyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdydar. Söwda-ykdysady ulgam bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek, ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklary berkitmek üçin bar bolan uly mümkinçilikleri amala aşyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir. Onuň nobatdaky mejlisi, şeýle hem “tegelek stoluň” daşyndaky işewürlik duşuşygy şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda we Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda geçirildi.

Häzirkizaman meýilleri bilen baglylykda, şeýle hem energetika we ulag pudaklary möhüm ugurlaryň hatarynda durýar. Şunda ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň, geljekde bolsa Aziýa-Ýuwaş ummanyň sebitiniň deňiz terminallaryna çykýan Ýewraziýa yklym giňişligini gurşap alýan utgaşykly ulag-üstaşyr we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň möhümdigi bellenildi.

Geçen ýylyň maý aýynda Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi bu ugurda möhüm ädimleriň biri boldy, ol sebit we yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr-ulag merkezine öwrüler.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça geçirilýän birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti nygtaldy, onuň gün tertibine kenarýaka ýurtlaryň hem-de gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli köpugurly hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.

Bolgariýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy forumda goýulýan wezipeleriň giň gerimini belläp, onuň baý maksatnamasyna girizilen ähli çärelerine gatnaşyjylaryň ýokary guramaçylyk derejesini we wekilçilikli düzümini nygtady.

Şeýle hem ekologiýa ulgamy hyzmatdaşlaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda bellenilip görkezildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda bu ulgam bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berilýär, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary iş ýüzünde ornaşdyrmak ugrunda uly tejribe toplanyldy. Şunda Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin önümçiligi boýunça zawody gurmak boýunça iri maýa goýum taslamasynyň durmuşa geçirilmegi aýdyň mysal bolup durýar, bu zawod iýul aýynda ulanmaga berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Boýko Borisow taraplaryň döwletara gatnaşyklaryna täze okgunly depgin bermäge hem-de onyň anyk mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna taýýardyklaryny tassyklap, däp bolan türkmen-bolgar gatnaşyklarynyň geljekde hem ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň ugry, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen gepleşikleriň çäklerinde üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Baştutany we Bolgariýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy birek-biregiň we iki ýurduň halklarynyň adyna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň