Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrini gutlady

23:4425.07.2019
0
4675

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Boris Jonsona Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady diýip, TDH habar berýär.

Milli Liderimiz Gutlagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýandygyny mälim etdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Premýer-ministr Boris Jonsona berk jan saglyk, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň dostlukly halkynyň gülläp ösmegine we rowaçlygyna gönükdirilen ähli başlangyçlarynda, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň